Stambul howa menzilinden Baku şäherine ilkinji uçar gatnawy amala aşyryldy

Stambulyň täze howa menzilinden Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine ilkinji uçar gatnawy amala aşyryldy

Stambul howa menzilinden Baku şäherine ilkinji uçar gatnawy amala aşyryldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 29-njy oktýabrda açylan Stambul howa menzilinden ikinji daşary ýurt sapary, sagat 09:30-da Baku Haýdar Aliýew Halkara howa menziline Boeing-737 kysymly uçar bilen ýerine ýetirildi.

Talabyň köp bolan ilkinji sapar 121 ýolagçy bilen amala aşyryldy.

Türk howa ýollary Ankara, Izmir, Antalýa we DKTR-dan soň Stambul howa menzilinden indi bolsa Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine 31-nji dekabra çenli hepdäniň her güni 1 gezek, hepdede jemi 7 gezek uçar sapary amala aşyrylar.

Täze goşulan uçar gatnawlary bilen THÝ-nyň Stambul we Baku şäherleriniň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany 28 sapar Atatürk howa menzilinden, 7sapar  Stambul howa menzilinden, 3 sapar Sabiha Gökçen howa menzilinden bolmak bilen jemi 38-e ýetdi.



Degişli Habarlar