Gazagystanda IV Türk kino-filmler hepdeligi geçirildi

Gazagystanyň Almata şäherinde IV Türk kino-filmler hepdeligi geçirildi

Gazagystanda IV Türk kino-filmler hepdeligi geçirildi

Türk kino-filmler hepdeliginiň hormatly myhmanlary TRT 1 kanalynda görekzilýän Diriliş Ärtogryl serialynda bir wagtlar Seljan hatyny janladyran Didem Balçyn bilen Sungur Tekin roluny janladyran Sezgin Erdemir boldy. 

Türkiýäniň Almatadaky Baş konsuly Kagan Ýylmaz, türkler bilen gazaklaryň umumy medeniýete eýedigini belledi. 

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi we Türkiýäniň Alamatadaky Baş konsullygy tarapyndan guralan çärede çykyş eden Kagan Ýylmaz, Türkiýedäki döwrebap medeniýeti, kinematografiýa sungatynyň üsti bilen Gazagystana daşandyklaryny nygtady. 

Filmler kino muşdaklaryna mugt görkezildi. 

 


Etiketkalar: hepdelik , kino-film , Gazagystan

Degişli Habarlar