Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi

Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi.

Kýokuşinkaý — karate görnüşinde kumite (sparring) boýunça ýaryşlarda weteranlar toparynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgäri Seýran Potarow (85 kilogramdan ýokary agram derejede) we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgäri Farhat Jumaýew (85 kilograma çenli agram derejede) birinji orunlary eýelediler.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Eziz Öwlýagulyýew we Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maksat Annagylyjow 85 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular.

65 kilogram agram derejesinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Daýanç Gylyçdurdyýew üçünji orny eýeläp, bürünç medal bilen sylaglandy. (TDH)


Etiketkalar: Türkmenistan , Wengriýa , karate

Degişli Habarlar