Gazagystan ilkinji gezek BMG-nyň çäginde Liwana parahatçylyk güýjüni ugratdy

120 esgerden ybarat gazak parahatçylyk güýjü Liwana bardy

1079655
Gazagystan ilkinji gezek BMG-nyň çäginde Liwana parahatçylyk güýjüni ugratdy

Gazagystan ilkinji gezek BMG-nyň parahatçylygy we howpsyzlygy goramak missiýasynyň çäginde Liwana parahatçylyk güýjüni ugratdy.

Gazagystanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda 120 esgerden ybarat parahatçylyk güýjüniň Liwana barandygy nygtaldy.

Gazagystanyň parahatçylyk güýjüniň ilkinji gezek BMG-nyň parahatçylygy we howpsyzlygy goramak missiýasyna gatnaşýandygyna üns çekilen beýanatda, parahatçylyk güýjüniň Hindi hyzmatdaşlary bilen taýarlyklar geçirýändigi bellenildi.

Beýanatda Gazagystan bilen Hindistanyň hökümetleriniň arasynda missiýanyň çäginde  iki ýurduň harby toparlarynyň birlikde iş alyp barmaklary babatynda ýörite teswirnama gol çekişilendigi ýatladyldy.

Beýanatda Gazagystanyň parahatçylyk güýjüniň Liwanda gözegçilik merkezleriniň döredilmegi bilen hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň ýerine ýetirilşine gözegçilik etjekdigi nygaldy.

Beýanatda şeýle hem “Gazagystanyň parahatçylyk güýjüniň BMG-nyň missiýasyna gatnaşmagy halkara howpsyzlygyň üpjün edilmegine goşant goşar”diýildi.

Parlament, iýun aýynda Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň harby toparyň BMG-nyň missiýasy üçin Liwana ugradylmagy baradaky teklibini tassyklapdy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar