Mewlüt Çawuşogly, DKTR-nyň Daşary işler ministri Kudret Özersaý bilen duşuşdy

Çawuşogly 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygyna gireninden soň ýiten žurnalist Jemal Kaşykçynyň ykbalyna bütin dünýäniň alada bildirýändigini habar berdi

Mewlüt Çawuşogly, DKTR-nyň Daşary işler ministri Kudret Özersaý bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we DKTR-nyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Kudret Özersaý paýtagt Ankarada geçiren duşuşyklaryndan soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Mewlüt Çawuşogly: "Şu günki gün Saud Arabystanynyň islendik diplomaty ýurduna gitmek islese gidip biler. Munda bir çäklendirme ýok" diýip belledi. 

Çawuşogly düýn agşam Stambulyň Respbilkan prokuraturasynyň resmileri bilen hünärmenleriň başkonsullygyň binasyna girendigini we ol ýerde gözleg-derňew işini geçirendiklerini ýatladyp, bu agşam bolsa başkonsullyň otagy we ulaglar bilen birlikde, derňew işiniň dowam etjekdigini gürrüň berdi. 

Ministr Çawuşogly, Türkiýäniň maksadynyň Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygynda dereksiz ýiten Jemal Kaşykça näme bolandygyny öwrenmekdigini nygtady. 

Bütin dünýäniň ünsüniň bu waka gönügendigini aýdan Çawuşogly, ortada bir adamyň bardygyny we şol sebäpli herkimiň waka alada bildirýändigini beýan etdi.  

ABŞ-niň goldawy bilen Siriýanyň Manbij sebitine ýerleşen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň sebitden çykarylmagy babatynda ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "Manbij meselesinde ABŞ tarapyndan bir biperwaýlyk görsek, ozalky pozisiýamyza gaýdyp bararys. Ýa siz arassalaň, ýa-da biz arassalarys" diýip nygtady. 

 

 



Degişli Habarlar