Özbegistan we Azerbaýjan harby ugur boýunça hyzmatdaşlyk eder

Özbegistanyň we Azerbaýjanyň goranmak ministrleriniň arasynda 2019-njy ýyl üçin harby ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilnamasyna gol çekildi

Özbegistan we Azerbaýjan harby ugur boýunça hyzmatdaşlyk eder

Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat ofisi tarapyndan berilen beýanata görä, ýurdyň Goranmak ministri Abdusalom Azizow, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagt Daşkente gelen Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen duşuşyk geçirdi.

Iki ministr ýurtlarynyň arasyndaky harby we harby tälim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy we mümkinçileri bilen birlikde harby tehniki meselelerinde gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Özbegistanyň we Azerbaýjanyň goranmak ministrleriniň arasynda 2019-njy ýyl üçin harby ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilnamasyna gol çekişildi

Azizow mundan başgada Belarussiýanyň Goranmak ministri Andreý Rawkow bilen hem duşuşyk geçirdi.

Iki ýurdyň arasyndaky harby we harby tälim ugrundaky gatnaşyklaryň özgerdilmegi meseleleri maslahatlaşylan duşuşykda, iki ýurdyň goranmak ministrleriniň arasynda 2019-njy ýyl üçin harby hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekildi.

Meýilnama laýyklykda Özbegistan we Belarussiýanyň arasynda harby türgenleşik geçiriler.



Degişli Habarlar