"Özbegistan bilen Türkmenistanyň TÜRKPA agza bolmagyny arzuw edýäris"

TÜRKPA-nyň “Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlyk, daşky gurşaw we durnukly ösüş” temaly maslahaty Antalýada geçirildi

"Özbegistan bilen Türkmenistanyň TÜRKPA agza bolmagyny arzuw edýäris"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binaly Ýyldyrym Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA-nyň Antalýada geçirilen “Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlyk, daşky gurşaw we durnukly ösüş” temaly maslahatyna gatnaşdy.

Binali Ýyldyrym TÜRKPA-nyň Mejlis başlyklarynyň üçünji maslahatynda eden çykyşynda TÜRKPA-nyň agzalaryny Türkiýede myhman almakdan hoşaldyklaryny belledi.

TÜRKPA agza Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň mejlis başlyklary hökmünde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen bir ýere jemlenşendiklerini aýdan Ýyldyrym “ “Bu ýaş gurama TÜRKPA-nyň ýurtlarymyzyň parlamentleriniň adyndan uly işleriň hötdesinden geljekdigine ynanýaryn. Bu bir maşgala mejlisi we atalarymyzdan alan mirasymyzy bizden soňky nesillere ýetirmegi maksat edinýäris. Gysga wagtda Özbegistanyň gurama doly ýada synçy agza bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň hem gurama agza bolmagy üçin tagalla etmelidiris” diýdi.

 



Degişli Habarlar