Mejlisiň başlygynyň Özbegistan sapary dowam edýär

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym resmi saparda bolýan Özbegistanda taryhy Samarkant şäherine bardy

1057147
Mejlisiň başlygynyň Özbegistan sapary dowam edýär

Daşkent saparyndan soň Samarkant şäherine geçen Binali Ýyldyrymy we ýanyndaky wekiliýeti, howa menzilinde Özbegistanyň Parlamendiniň Kanun çykaryjy Mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow we Samarkandyň häkimi Erkinjan Turdimow garşylady.

Taryhy şäherde ilki bilen Özbegistanyň ozalky Prezidenti Yslam Kerimowyň aramgähini zyýarat eden Binali Ýyldyrym, ol ýere gül desselerini goýdy, doga etdi.

Aýaly Semiha Ýyldyrym bilen Samarkandyň golaýyndaky Ymam Buhariniň kompleksini zyýarat eden TBMM-niň başlygy, ol ýerde gurban kesilmek islenen goýunyň kesilmezligini haýyşt etdi.

Ymam Buhariniň kompleksinde doga eden we muzeýe gezelenç eden Ýyldyrym, saparynyň çäginde Ymam Maturudiniň aramgähini hem zyýarat etdi.

Binali Ýyldyrymy we ýanyndaky wekiliýeti, soň bolsa Emir Teýmirleňiň jaýlanan ýeriniň ýerleşýän ýeri bolan Guri Emir kompleksine bardy.

Kompleksdäki Emir Teýmirleňiň döwletiniň kartasynyň öňünde Timur döwleti barada maglumat alan Binali Ýyldyrym, özüne ýoldaşlyk eden Özbegistanyň Parlamendiniň Kanun çykaryjy Mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailowa, Teýmirleň bilen Osmanly türkmen döwletiniň Soltany Ýyldyrymy Beýazidiň arasynda bolan söweşi göz öňünde tutup: “Ata-babalarymyz söweşen hem bolsa biz hyzmatdaşdyrys” diýip belledi.

Registan meýdançasy bilen Ulugbeg we Tilla Kari medreselerine hem baryp gören Ýyldyrym, ol ýerde gezelenç edýän türk raýatlar bilen söhbetdeş boldy.

Binali Ýyldyrymyň we ýanyndaky wekiliýetiň sapary şu gün taryhy Buhara şäherinde dowam eder.



Degişli Habarlar