Özbegistan 278 sany myhmanhana gurmagy göz öňünde tutýar

Myhmanhanalar gurulýarka Türkiýedäki myhmanhanalardan nusga alynar

Özbegistan 278 sany myhmanhana gurmagy göz öňünde tutýar

Soňky ýollarda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda tagalla edýän Özbegistanda 2018-2022-nji ýyllaryň aralygynda 278 sany myhmanhana gurmak göz öňünde tutulýar.

Özbegistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinden berilen beýanatda 2018-2022-nji ýyllaryň aralygynda ýurtda 278 myhmanhananyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi nygtalyp, şol myhmanhanalaryň döwlet-hususy eýeçilik şärikliginde gurlup, dolandyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy mälim edildi.

Beýannamada 2018-2020-nji ýyllaryň aralygynda döwlet-hususy eýeçilik şärikliginde 100 sany, 2021-2022-nji ýyllaryň aralygynda-da 178 sany myhmanhananyň gurlup, ulanylmaga beriljekdigi nygtalyp, myhmanhanalaryň gurluşygynda Türkiýedäki tejribelerden peýdalanyljakdygy bellenilýär. Beýannama görä şol myhmanhanalaryň gurluşygynda Türkiýedäki 8-50 otagly myhmanhanalar nusga alynar.

Syhahatçylyk pudagynda Türkiýäniň tejribelerinden peýdalanmak isleýän Özbegistanyň hökümeti, ozalky halk deputaty Sadyk Budagy Özbegistanyň Döwlet Syýahatçylyk Komitetine geňşçi hökmünde belledi.

Özbegistanyň hökümeti soňky aýlarda ýurtda syýahatçylygyň ösdürilmegi ugrunda käbir başlangyçlary ýola goýdy. Şol çäkde mart aýynda Türkiýe bilen birlikde  köp sanly ýurduň raýatlaryna wiza ýeňilligini döretdi.

Özbegistanda Halkara Radio obserwatoriýasy, Timurlengiň Gowagy, Janka köli, Hezret Soltanyň kompleksi we Sewersew aýsberginin ýerleşýän, ozal raýatlara ýapyk bolan ýerleri syýahatçylaryň zyýaratyna açdy.

Özbegistanda häzirki wagtda esasy bölegi Daşkentde, Samarkantda, Buharada we Hywada jemi müňden gowrak myhmanhana bar.



Degişli Habarlar