Türk kärhanalary Özbegistanda awtomagistral ýoluny gurarlar

Türk kärhanalary konsorsiumy Özbegistanyň resmileri bilen ýurdyň paýtagty Daşkent bilen taryhy Samarkand şäherini birleşdirjek ýurdyň ilkinji tölegli awtomagistral ýolunyň gurluşyk taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Türk kärhanalary Özbegistanda awtomagistral ýoluny gurarlar

Özbegistanyň Döwlet maýa goýum komitetinden berilen beýanata görä, komitediň başlygynyň 1-nji orunbasary Laziz Kudrarowyň, Çengiz Kolin-Kalýon türk kärhanalar konsorsiumynyň resmileri bilen bir ýere jemlenip, ýurtda guruljak ilkinji tölegli awtomagistral ýoly taslamasynyň jikme-jikligini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berýär. 

Beýanata görä Özbegistanyň degişli ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem gatnaşan gepleşikde, türk tarapy taslama bilen bagly tekliplerini hödürledi, özbek resmiler bolsa taslama bilen bagly pikirlerini orta atdy. Gepleşikleriň barşynda ady agzalan ýoluň geçjek liniýasy, awtomagistral gurluşygynyň ekin meýdanlaryna, daşky gurşawa täsiriniň az bolmagy üçin ediljek işlere garaldy.

Taslama görä 3,5-4 sagat dowam edýän Daşkent-Samarkand ýoly, ady agzalan taslamanyň durmuşa geçirilmeginden soň 2 sagada çenli azalar.


Etiketkalar: kärhana , firma , türk , Özbegistan

Degişli Habarlar