Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn ösýär

Fatih Dönmez paýtagt Ankarada geçirlen Türkiýe-Gazagystan maýa goýum maslahatynda çykyş etdi

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn ösýär

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönez Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda mukdarynyň birnäçe ýylyň içinde ilki 5 milliard dollara, soň bolsa 10 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini aýtdy.

Fatih Dönmez paýtagt Ankarada geçirlen Türkiýe-Gazagystan maýa goýum maslahatynda sözlän sözünde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn ösýändigini belledi.

Türkiýe bilen Gazagystanyň alyp barýan köp ugurly aktiw daşary syýasatynyň global parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini nygtan Dönmez,“ Sebitimizde durnuklylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi üçin Astanada we Stambulda dowam edýän gepleşikler, Türkiýe bilen Gazagystanyň alyp barýan içgin tagallasynyň görkezijisidir. Geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýän Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar” diýdi.

Gazagystandaky türk maýa goýumlarynyň 3,2 milliad dollara ýetendigini aýdan Dönmez, Russiýa we Hytaýdan soň Türkiýäniň Gazagystanda iň köp daşary ýurt maýaly firma eýe bolan 3-nji ýurtdygyny ýatlatdy.

Dönmez türk firmalarynyň ýurtda telekomunikasiýadan bankçylyga, finans pudagyna we energetika çenli birnäçe ugurda maýa goýumlarynyň dowam edýändigini, Gazagystanyň Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygynda ýagty geljege tarap aýgytly ädimler bilen öňe barýandygyny belledi.

Dönmez Gazagystanyň Türkiýede 170 million dollarlyk maýa goýumynyň bardygyna ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: firma , türk , Türkiýe , Gazagystan

Degişli Habarlar