Gazagystanyň ykdysadyýeti 3,8 göterim ösüş etdi

Gazagystanyň Milli Ykdysadyýet ministri Timur Süleýmanow ýurdunyň ykdysadyýetiniň ýylyň ilkinji 8 aýynda 3,8 göterim ösüş edendigini habar berdi

Gazagystanyň ykdysadyýeti 3,8 göterim ösüş etdi

Gazagystanyň Milli Ykdysadyýet ministri Timur Süleýmanow Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda ýurdyň ykdysadyýetiniň 3,8 göterim ösendigini belläp: “Ykdysady ösüş dünýä bazarlaryndaky riskleriň artan şertlerinde başdan geçirilýär. Hasabata görä ýurdyň Jemi içerki önümi üçin düşewünt 3,8 göterim boldy” diýdi.

Ministr Süleýmanow maksatlarynyň ýylyň ahyryna çenli şol derejäni 4 göterime ýetirmekdigini habar berdi.

1-nji sentýabrdan başlap ýurdyň halkara ätiýaçlarynyň 87,3 milliard dollar bolandygyna ünsleri çeken Süleýmanow altyn ätiýaçlarynyň 0,1 göterim artyp, 30,8 milliard dollara ýetendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar