Gazagystanyň Prezidenti ertir Türkiýä sapar gurar

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ertir resmi sapar bilen Türkiýä geler

Gazagystanyň Prezidenti ertir Türkiýä sapar gurar

Gazagystanyň Prezident Diwanynyň internet saýtyndaky beýanatda Nursoltan Nazarbaýewiň Türkiýä gurajak resmi saparynyň çäginde, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşjakdygy we mundan başgada türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirjekdigi habar berildi.

Beýanatda Nazarbaýewiň Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahatyna gatnaşmagy meýilleşdirýändigi mälim edildi.



Degişli Habarlar