Russiýa Özbegistanda atom elektrik bekedini gurar

Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky 19-njy hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk komisiýasynyň maslahaty Moskwada geçirildi

Russiýa Özbegistanda atom elektrik bekedini gurar

Russiýa Özbegistanda her biri 1,2 gigawatt mümkinçiligine eýe bolan iki bölümden ybarat atom elektrik bekedini gurar.

Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky 19-njy hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk komisiýasynyň maslahaty Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirildi.

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew bilen Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow maslahatdan soň Özbegistanda atom elektik bekediniň gurulmagy baradaky şertnama gol goýdy.

Şertnama laýyklykda Russiýa, Özbegistanda her biri 1,2 gigawatt mümkinçiligine eýe bolan iki bölümden ybarat atom elektrik bekedini gurar.

 

 



Degişli Habarlar