“Ortaýer deňiziniň gündogarynda burawlaýyş işleri güýz paslynda başladyp bileris”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogarynda burawlaýyş işlerini güýz paslynda başladyp biljekdiklerini habar berdi

“Ortaýer deňiziniň gündogarynda burawlaýyş işleri güýz paslynda başladyp bileris”

Mewlüt Çawuşogly we paýtagt Ankara sapar guran DKTR-nyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Kudret Özersaý, Daşary işler ministrliginiň resmi kabulhanasynda umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Ministr Çawuşogly Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogarynda uglewodorod gözleg işleriniň haçan başlajakdygy bilen bagly soraga: “Bu sebitde, Ortaýer deňiziniň gündogarynda Türkiýäniň ykdysady zolagy bar. DKTR-niň hem ýeri bar. Biz ikisiniň hem goralmagy üçin DKTR-niň talabyna laýyklykda gerek bolan çäreleri hemişe gördük we görmäge dowam ederis” diýip jogap berdi.

Bu sebitde ozal Türkiýäniň geçirilen käbir buraw işleriniň hem öňüni alandygyny ýatladan Çawuşogly: “Indi bolsa biz hem platforma aldyk we buraw işlerine başlap bileris. Onuň taýýarlygyny Energetika ministrligimizi örän gowy ýagdaýda ýerine ýetirýär. Gazna we Maliýe ministrimiz Berat Albaýrak esasan hem bu platformanyň alynmagynda uly tagallalar etdi we gerek bolan taýýarlyklary gördi. Güýzde buraw işleri başlap biler” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogarynda buraw işlerini geçirip biljek ýurtlaryň kärhanalary bilen, ÝB bilen we garant ýurt bolan Gresiýa bilen bu mesele boýunça gepleşikler geçirýändiklerini, şu gün bolsa Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Koçias bilen Izmirde duşuşjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar