Özbegistan Türk Geňeşiniň maslahatyna gatnaşar

Özbegistan 17 ýyl arakesmeden soň, ertir geçiriljek Türki Dilli Ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşar

Özbegistan Türk Geňeşiniň maslahatyna gatnaşar

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew ertir Gyrgyzystanda geçiriljek Türki Dilli Ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar.

Azerbaýjanda 2000-nji ýylda geçirilen Türki Dilli Döwletleriň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna Prezident derejesinde gatnaşan Özbegistan 2001-nji ýylda geçirilen maslahata bolsa mejlis başlygy derejesinde gatnaşypdy.

Özbegistan 5 ýyl arakesmeden soň, 2006-njy ýylda Antalýada geçirilen maslahata gatnaşypdy. Ondan soň geçirilen maslahatlara gatnaşmadyk Özbegistan 2009-njy ýylda döredilen we 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndaky Nahçiwan ylalaşygy bilen 2010-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Stambul deklarasiýasyndan gözbaş alýan Türki Dilli Ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmegine we alyp barýan işlerine gatnaşmady.

Prezident Şewket Mirziýoýewiň wezipä saýlanmagyndan soň, Özbegistan-Türkiýe gatnaşyklary barha özgermäge we şol çäkde ikitaraplaýyn ýokary derejeli saparlar amala aşyrylmaga başlandy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 2016-njy ýylda we şu ýylyň aprel aýynda Özbegistana, Mirziýoýewiň bolsa geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkiýä guran saparynda Özbegistanyň Geňeşe ýaňadandan goşulmak üçin möhüm işler ýerine ýetirildi. Özbegistanyň 17 ýyl arakesmeden soň ýaňadandan Geňeşe gatnaşmak baradaky karary Erdoganyň inisiatiwasy bilen gün tertibe geldi. Erdoganyň bu etapdaky işleri Özbegistanyň Türki Dilli Ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşine ýaňadandan goşulmagynda uly rol oýnady.



Degişli Habarlar