Erdogan sentýabr aýynyň 1-3-i aralygynda Gyrgyz Respublikasyna sapar gurar

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahaty hem geçiriler

Erdogan sentýabr aýynyň 1-3-i aralygynda Gyrgyz Respublikasyna sapar gurar

Prezident R.T.Erdogan resmi duşuşyklar geçirmek we Türk geňeşiniň 6-njy sammitine gatnaşmak üçin sentýabr aýynyň 1-3-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynda saparda bolar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Erdogan saparynyň çäginde Bişkek şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Soorbaý Jeenbekow bilen özara we topara gepleşikler geçirer.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahaty hem geçiriler.

Duşuşyklarda Fetullahçy terror guramasynyň Gyrgyz Respublikasyndaky tarapdarlaryna garşy göreşmek, özara we sebitleýin meseleler barada pikir alyşylar.

Erdogan Gyrgyz Respublikasyna gurajak saparynyň ikinji bölüminde bolsa Yssyk Köl welaýatynyň Çolpan Ata şäherinde geçiriljek 3-nji Çarwalar oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen Türk geňeşiniň 6-nji sammitine gatnaşar.



Degişli Habarlar