30-njy Awgust Ýeňiş baýramy türkleriň ýaşaýan ähli ýerinde dabara bilen bellenilip geçildi

DKTR-da, Azerbaýjanda, Gazagystanda, Bolgariýada, Makedoniýada, Saraýewoda, ABŞ-da Germaniýada we Tunisde dabaralar guraldy

30-njy Awgust Ýeňiş baýramy türkleriň ýaşaýan ähli ýerinde dabara bilen bellenilip geçildi

30-njy Awgust Ýeňiş baýramy türkleriň ýaşaýan ähli ýerinde dabara bilen bellenilip geçildi.

Beýik ýeňiş üçin DKTR-da, Azerbaýjanda, Gazagystanda, Bolgariýada, Makedoniýada, Saraýewoda, ABŞ-da Germaniýada we Tunisde dabaralar guraldy.

Nikosiýada Girnekapydaky Atatürkiň ýadygärliginiň öňünde baýramçylyk dabarasy guraldy.

Harby güýçleriň gatnaşan dabarasynda dolulygyna ýerli şertlerde öndürilen “Atak” dik uçarlarynyň görkezlişine uly gyzyklanma boldy.

Azerbaýjandaky baýramçylyk çäresi Bakuwdaky Türk şehitliginde geçirildi

Türkiýäniň Azerbaýjandaky Ilisi Erkan Oral Türk milletiniň Gahryman M.K. Atatürkiň deňi-taýy bolmadyk öňbaşçylygynda gazanan ýeňşiniň türk milletiniň asla ýok edilip bilinmejekdigini, milletiň batyrgaýlygynyň we gaýduwsyzlygynyň nämeleriň hötdesinden gelýändigini bütin dünýä görkezendigini aýtdy.

Beýik Ýeňişiniň 96 ýyllygy Gazagystanda-da bellenilip geçildi.

Türkiýäniň Gazagystandaky Ilçisi Newzat Uýanyk: “Türk milleti şanly goşunynyň ýeňişi bilen garaşsyzlygyndan asla el çekmejekdigini bütin dünýä ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.

Stambuldan Belgiýa giden maýyplardan ybarat bolan bir topar bolsa beýik ýeňişi Ýewropa Parlamentiniň öňünde belläp geçdi.

Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda-da banketler berildi.



Degişli Habarlar