TBMM-nyň başlygy Azerbaýjanda saparda bolýar

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym Azerbaýjanyň edýän ösüşleriniň Türkiýede uly şatlyk bilen kabul edilýändigini belledi

TBMM-nyň başlygy Azerbaýjanda saparda bolýar

Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen baran Azerbaýjanda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan garşylandy.

Ýyldyrym ol ýerde eden çykyşynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurda üstünlikli özgerýändigini belläp, gatnaşyklaryň güýçlenmäge dowam etjekdigine ynanýandygyny habar berdi.

TBMM-niň başlygy hökmünde ilkinji daşary ýurt resmi saparyny Azerbaýjana guramakdan hoşaldygyny aýdan Ýyldyrym, Azerbaýjanyň edýän ösüşleriniň Türkiýede uly şatlyk bilen kabul edilýändigini belledi.

Binali Ýyldyrymy TBMM-niň başlyklgyna saýlanmagy mynasybetli gutlan Aliýew bolsa, Ýyldyrymyň Premýer ministr wezipesinde we beýleki wezipelerde işlän döwründe Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösmeginde, Baku-Tbilisi-Kars demirýol taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde uly tagallasynyň bardygyny beýan etdi.

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda özgerýändigine ünsleri çeken Aliýew iki ýurt tarapyndan durmuşa geçirilen Baku-Tbilisi-Kars demirýol, Baku-Tbilisi-Kars tebigy gaz geçiriji turba, TANAP ýaly taslamalaryň möhümdigini habar berdi.  

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň hemişe biri-birlerini goldaýandygyny, iki ýurdyň şu gün hem bilelikde hereket edýändigini aýdan Aliýew parlamentara gatnaşyklaryň Binali Ýyldyrymyň zamanynda has hem özgerjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Binali Ýyldyrym saparynyň çäginde Bakuda gonamçylyklara zyýarat etdi. Binali Ýyldyrym ilki bilen Azerbaýjanyň ozalky Prezidenti Haýdar Aliýewiň Fahri Hiýabandaky guburyna we ýaly Zarife Aliýewanyň guburyna gül desselerini goýdy.

Ýyldyrym 20-nji ýanwar Şehitleriniň jaýlanan Baku şehitleri Hiýabanynada zyýarat etdi. Şehitleriň guburlaryna gül desselerini goýan Ýyldyrym, Baky ot ýädygärliginede wenok goýdy.



Degişli Habarlar