Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Azerbaýjana gitdi

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym Türkiýe bilen Azerbaýjanyň sebitleýin we halkara meselelerde bilelikde hereket edýän dost we dogan ýurtlardygyny belledi

Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Azerbaýjana gitdi

Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen düýn agşam Azerbaýjana gitdi.

Binali Ýyldyrym howa menzilinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda TBMM-niň başlyklygyna saýlananyndan soň, ilkinji daşary ýurt saparyny deputatlar bilen bilelikde dost we dogan Azerbaýjana guraýandygyny habar berdi.

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň Iki döwlet, bir milletdigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Şu günki güne çenli ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy, sebitleýin meseleler birlikde ele alan, halkara meselelerde bilelikde hereket eden iki dost we dogan ýurtdyrys. Bu saparymyzyň gatnaşyklarymyzyň özgermegine goşant goşjakdygyna ynanýarys. Owadan diýarymyzda, Azerbaýjana sapar guramakdan hoşaldyryn, Azerbaýjanyň halkyna salam berýärin” diýdi.

Binali Ýyldyrymyň resmi sapary şu gün başlaýar.



Degişli Habarlar