Gyrgyz Respublikasynda 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlary geçiriler

Sentýabr aýynyň 2-8-i aralygynda geçiriljek çärä dünýäniň çarwa halklaryna mahsus milli sport oýunlary boýunça bäsleşmek üçin 80 ýurtdan 3 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar

Gyrgyz Respublikasynda 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlary geçiriler

Çärede; mangala, aşyk, ok atmak we bürgüt bilen awlanmak, mas we bilek göreşi ýaly 37 ugur boýunça basleşikler geçiriler.

Taryhdaky türk kowumlarynyň ýaşaýyş durmuşyny we medeniýetini şöhlelendirmek maksady bilen geçirilýän çäre Yssyk köliň Çolpan-Ata şäherinde geçiriler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbek Jeenbekowyň ýer eýeçiliginde geçiriljek çärälerde etno sport oýunlary, etno medeni çäreler we ylmy maslahatlar guralar.

Gyrgyz Respublikasy oýunlaryň birinjisini 2014-nji ýylda, ikinjisini 2016-njy ýylda geçiripdi.

Ýurtda iki ýyldan bir gezek geçirilýän oýunlar şu ýyl ilkinji gezek Türk geňeşine agza ýurtlardan birine tabşyrylar. Şeýle-de Gyrgyz Respublikasynda Türk geňeşiniň 6-njy maslahaty geçiriler.

Özbegistan maslahata ilkinji gezek gatnaşar we Prezident Şawkot Mirziýoýew tarapyndan wekilçilik ediler. Ýokary derejeli maslahatda Türk geňşiniň döwürleýin başlyklygy Gazagystandan Gyrgyz Respublikasyna geçer.

Türk geňeşiniň esasy organy bolan Döwlet Ýolbaşçylarynyň maslahatynyň 5-njisi 2015-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilipdi.



Degişli Habarlar