Yssyk Köl Çarwa oýunlaryna ýer eýeçiligini eder

Oýunlara 80 ýurtdan 3 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Yssyk Köl Çarwa oýunlaryna ýer eýeçiligini eder

 

Gyrgyz Respublikasy sentýabr aýynyň 2-8-i aralygynda 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlaryna ýer eýeçiligini eder.

Taryhdaky türk kowumlarynyň durmuşynyň we medeniýetiniň tanyşdyrylmagyny maksat edinýän çäre Yssyk Kölüň Çolpan-Ata şäherinde geçirler.

Sporduň 37 görnüşi boýunça geçiriljek oýunlara 80 ýurtdan 3 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek oýunlarda jemi 594 medal berler.

Ýurtda iki ýyldan bir gezek geçirilýän oýunlaryň, şu ýyl ilkinji gezek Türk geňeşine agza ýurtlardan birinde geçirilmegi üçin karar kabul ediler.

Çarwa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

 

 



Degişli Habarlar