Azerbaýjanyň Prezidenti, Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşyk geçirdi

Azerbeýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurdyň topraklarynyň eýýäm ençeme ýyl bäri okkupasiýa astyndadygyny belläp: “Ermeni goşuny basyp alan ýerlerinden iň tiz wagtda çykarylmalydyr” diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti, Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşyk geçirdi

Ilham Aliýew resmi sapar bilen Baku gelen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli kabul etdi.

Aliýew we Merkel toparara gepleşiklerden soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Prezident Aliýew, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Azerbaýjana ilkinji gezek sapar gurandygyny belläp, munyň taryhy bir sapardygyny nygtady.

Aliýew bu saparyň Germaniýa-Azerbaýjan gatnaşyklaryna oňyn täsir ýetirjekdigini beýan etdi.

Merkele sebitleýin howpsyzlyk meseleleri bilen birlikde esasan hem Daglyk Karabag meselesi bilen bagly maglumat berendigini aýdan Aliýew: “Azerbaýjanyň halkara jemgyýet tarapyndan ykrar edilen topraklary eýýäm ençeme ýyl bäri Ermenistanyň gabawy astynda. Bu okkupasiýanyň netijesinde 1 milliondan gowrak azerbaýjanly bosgun ýagdaýyna düşdi. Çaknyşyk bilen baglanşykly BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi 4 kararnama kabul etdi. Bu kararnamalara görä Ermeni goşuny, okkupasiýa eden topraklaryndan iň tiz wagtda we şertsiz ýagdaýda çykarylmalydyr. Gynansagam Ermenistan bu kararlary äsgermeýär we durmuşa geçirmeýär. Azerbaýjanyň territorial bütewiligi üpjün edilmeli we mesele şol jähtden çözgüde gowuşdyrylmaly” diýdi.

Aliýew Azerbaýjan bilen Germaniýanyň arasynda söwda kuwwadynyň artýandygyny ünsleri çekip, nemes kärhanalarynyň Azerbaýjanda ençeme taslama gatnaşýandygyny, Merkeliň saparyndan soň olaryň alyp barýan işleriniň has hem özgerjekdigine ynanýandygyny belledi.

Azerbaýjanyň tebigy gazyny Ýewropa daşajak Günorta Gaz koridory taslamasynyň hem üstünde durup geçen Aliýew, 40 milliard dollarlyk maýa gerek bolan bu taslamanyň maý aýynda resmi açylyşynyň boljakdygyny ýatlatdy.

Merkel bolsa öz gezeginde Azerbaýjanyň ýurdunyň bu sebitdäki iň uly we iň möhüm söwda hyzmatdaşydygyny belläp: “Germaniýa, Azerbaýjanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrlmagyna goşant goşmaga taýýar” diýdi.

Merkel Ýewropanyň energetika çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrlmagynda Azerbaýjanyň möhüm bir faktordygyna ünsleri çekip, Günorta Gaz koridory taslamasynyň Ýewropanyň energetika üpjünçiliginde uly rol oýnajakdygyny habar berdi.

Baku-Tbilisi-Kars demir ýol liniýasynyň hem möhümdigini aýdan Merkel bu liniýanyň sebit we Ýewropa arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşjakdygyny beýan etdi.

Merkel Daglyk Karabag meselesiniň çözülmegini isleýändiklerini belläp, sebitdäki ähli meseleleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmeginiň tarapdarydyklaryny habar berdi.

Aliýew we Merkel ondan soň azerbaýjanly we nemes işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi.



Degişli Habarlar