Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Adalat ministrleri Gyrgyz Respublikasynda duşuşdy

ŞHG-nyň Galkynyş strategiýasynyň çäginde adalat ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutýan bilelikdäki jarnama gol çekişildi

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Adalat ministrleri Gyrgyz Respublikasynda duşuşdy

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Adalat ministrleri Gyrgyz Respublikasynyň dynç alyş merkezi Çolpan-Ata şäherinde duşuşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Adalat ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Maksatbek Esenaliýewiň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahata Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Adalat ministrleri, Hytaýyň we Hindistanyň Adalat ministriniň orunbasary bilen Pakistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Akkoşkarowyň gatnaşmagyndaky maslahata Belarus, Eýran, Mangoliýa we Owganystan hem synçy hökmünde gatnaşdy.

Maslahatda uzak möhletli goňşuçylyk, dostlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen birlikde 2025 Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Galkynyş strategiýasynyň çäginde adalat ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutýan bilelikdäki jarnama gol çekişildi.

Gyrgyz Respublikasy üstümizdäki ýylyň iýun aýynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alypdy.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy 1996-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaýyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda sebitleýin howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen döredilipdi.

 

 



Degişli Habarlar