Orta Aziýa ýurtlarynyň liderleri Aral köli üçin jemlenişerler

Orta Aziýa ýurtlarynyň liderleri Aral köli üçin ertir Türkimenistanda jemlenişerler

Orta Aziýa ýurtlarynyň liderleri Aral köli üçin jemlenişerler

Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy Döwlet baştutanlarynyň sammiti Türkmenbaşy şäherinde geçiriler. 

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler.

Maslahatdan soň sebitiň ýurtlarynyň Döwlet baştutanlary Umumy beýannama gol çekerler. 

Aral kölüni halas etmegiň halkara gaznasy Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan tarapyndan 1993-nji ýylda döredildi.

Gaznanyň 2017-nji ýylda döwrüleýin başlyklygyny öz üstüne alan Türkmenistan bu wezipäni 2019-njy ýyla çenli dowam etdirer. 

SSSR-iň 1960-1990-njy ýyllar aralygynda Orta Aziýada pagta önümini artdyrmak maksady bilen ekin meýdanlaryny 4,5 million gektardan 7 million gektara ýetirmegi we şeýlelik bilen köle guýýan derýanyň suwunyň azalmagy netijesinde kölüň yzyna çekilmegi bilen 5,5 million gektarlyk duzly gum çöli emele geldi. 

Aral kölüniň guran böleginden her ýyl ýeliň üsti bilen uçýan 100 million tonna duzly gum sebitiň ýurtlaryna uly kynçylyklar döredýär. 

 



Degişli Habarlar