Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsyzlyk güýçleri ýaragly toparlara garşy türgenleşik geçirdi

Türgenleşik bikanun ýagdaýda ýurda giren ýaragly toparyň agzalarynyň anyklanylmagyny we täsirsiz ýagdaýa getirilmegini maksat edinýär

Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsyzlyk güýçleri ýaragly toparlara garşy türgenleşik geçirdi

Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsyzlyk güýçleri Owganystandan bikanun ýagdaýda ýurda giren ýaragly toparyň agzalarynyň anyklanylmagy we täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin bilelikde harby türgenleşik geçirdi.

Mesele hakynda Täjigistan tarapyndan berlen beýanatda, Täjigistan, Özbegistan we Owganystan serhediniň kesişýän nokady bolan Şartuz etrabynda iki ýurduň howpsyzlyk güýçleriniň ilkinji gezek bikanun ýagdaýda ýurda giren ýaragly toparyň agzalarynyň anyklanylmagy we täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen “Jeýhun 2018” harby türgenleşigini geçirendigi nygtaldy.

Hepdäniň başynda 12 polis gullukçysynyň ýogalmagyna sebäp bolan Owganystanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň Täjigistan serhedindäki Aý Hanym gümrük geçelgesine Taliban tarapyndan guralan hüjümden soň Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsyzlyk güýçleriniň ilkinji gezek şeýle türgenleşik geçirmegi ünsleri özüne çekdi.

 



Degişli Habarlar