Azerbaýjanyň Prezidenti Türk liderine gutlag ýüzlenmesini iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna ýaňadandan saýlanan Prezident Rejep Taýýip Erdogana gutlag ýüzlenmesini iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türk liderine gutlag ýüzlenmesini iberdi

Aliýew “Eziz doganym” diýip başlan ýüzlenmesinde: “Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna ýaňadandan saýlanmagyňyz sebäpli sizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn” diýip belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew: “Esaslandyryjysy siz bolan partiýaňyzyň başlyklygyna saýlanmagyňyz, partiýanyň agzalarynyň size bolan baky ynanjynyň we ynamynyň bir görkezijisidir. Ol siziň Türkiýäniň özgermegi we durnuklylygy üçin eden çäksiz hyzmatyňyzyň bir görkezijisidir. Şu günki gün Azerbaýjan bilen Türkiýäniň dostlugy we doganlygy, gatnaşyklary ähli ugurda özgerýär. Bu gatnaşyklar sebitleýin howpsyzlygyň we durnuklylygyň özgermegine goşant goşýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklarymyz, bilelikde durmuşa geçiren uly taslamalarymyz, strategik hyzmatdaşlygymyzy güýçlendiren möhüm faktorlardyr. Azerbaýjan-Türkiýe arasyndaky hyzmatdaşlygymyz we doganlygymyz mundan soň hem barha güýçlener. Size jan-saglyk, işleriňizde üstünlikler, Türk halkyna bolsa baky parahatçylyk we asudalyk dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar