17 ýyl soň Täjigistan prezident derejeslinde Özbegistana ilkinji sapar guraldy

“Geçmişde käbir düşnüşmezlikler başdan geçirildi. Emma 2018-nji ýylda biziň üçin taryhy ýyl boldy"

17 ýyl soň Täjigistan prezident derejeslinde Özbegistana ilkinji sapar guraldy

Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahman 17 ýyl soň resmi sapar bilen Daşkende bardy.

Rahman paýtagt Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Mirziýoýew bilen Rahman paýtagt Daşkentdäki Prezidentiň köşgünde duşuşdy.

Iki lider özara duşuşykdan soň topara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Iki ýurduň arasyndaky jedelleşikli serhet meseleleri, suw çeşmeleriniň birlikde ulanylmagy, howpsyzlyk we Owganystandaky ýagdaý meselesini seljeren liderler “Strategik hyzmatdaşlyk” şertnamasyny baglaşdy.

Özbegistan bilen Täjigistanyň arasynda harby-tehniki, gümrük geçelgeleri, geologiýa, oba hojalyk, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini öz içine alýan 20-den gowrak şertnama baglaşyldy.

Özbek lideri Mirziýoýew şertnamalara gol çekişlik dabarasyndan soň beren beýanatynda iki halkyň geçmişiniň taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýändigini belledi.

Mirziýoýew “Geçmişde käbir düşnüşmezlikler başdan geçirildi. Emma 2018-nji ýylda biziň üçin taryhy ýyl boldy. Biz ähli kynçylyklara garamazdan 1,5 ýylda ähli ynjyk meselelerde ylalaşyk gazanmagy başardyk. Bu taryhyň sahypalarynda altyn harplar bilen ýazylar” diýdi.

Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky 16 gümrük geçelgesiniň ýaňadandan açylandygyny, iki ýurduň halkyň gümrük geçelgeleri açylýarka duýguly pursatlary başdan geçirendigini aýdan Mirziýoýew, iki ýurduň lideriniň syýasy tutumynyň gysga wagtda özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berendigini aýratyn belledi.

Myhman Prezident Rahman hem gepleşiklerde iki ýurduň aragatnaşyk we transport pudagyndaky mümkinçilikleri, suw we energetika çeşmeleri barada pikir alyşandyklaryny nygtap, iki ýurduň Täjigistandaky Zarafşan derýasynda 300 megawatlyk mümkinçilige eýe bolan iki gidro elektrik desgasynyň gurulmagy we Täjigistandaky Saraz kölüniň suwyndan peýdalanylmagy babatynda ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.

Täjigistanyň Prezidenti Rahman içgin duşuşyk we myhmansöýerligi üçin özbek hökümetine we halkyna sag bolsun aýtdy.

Rahman bilelikdäki metbugat ýygnagyndan soň özbek şahyry Alişir Nowaýynyň täjik diline terjime edilen kytanyny kärdeşi Mirziýoýewe sowgat etdi.

Rahman bilen Mirziýoýew soň bolsa Özbek-täjik işewürler forumyna gatnaşdy.



Degişli Habarlar