Guterreş Hazar deňiziniň hukuk derejesine eýe bolmagy mynasybetli beýanat berdi

"Hazar deňiziniň hukuky derejesi baradaky konwensiýanyň sebitdäki dartgynlyklaryň azaldylmagyna-da möhüm goşant goşar"

Guterreş Hazar deňiziniň hukuk derejesine eýe bolmagy mynasybetli beýanat berdi

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş Hazar deňiziniň hukuk derejesine eýe bolmagy mynasybetli beýanat berdi.

Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen maslahatyň netijeli tamamlanmagyna kanagatlanma bildiren Guterreş; “Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň we Eýranyň liderleri tarapyndan gol çekişilen taryhy ylalaşyk sebitleýin hyzmatdaşlygyň halkara parahatçylygynyň we howpsyzlygyň üpjün edişmegi taýdan iňňän möhüm” diýdi.

Antoniu Guterreş Hazar deňiziniň hukuky derejesi baradaky konwensiýanyň sebitdäki dartgynlyklaryň azaldylmagyna-da möhüm goşant goşjakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar: ylalaşyk , Hazar deňizi , BMG

Degişli Habarlar