Gazagystanyň ykdysadyýeti 6 aýda 4 göterim ösüş etdi

Ministr Süleýmanow 1-nji awgustda Gazagystanyň halkara ätiýaçlarynyň 87,7 milliard dollara ýetendigini ýatlatdy

Gazagystanyň ykdysadyýeti 6 aýda 4 göterim ösüş etdi

 

Gazagystanyň Milli ykdysadyýet ministri Timur Süleýmanow Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda 2018-nji ýylyň birinji ýarymyna degişli milli içerki girdejiniň görkezijilerini beýan etdi.

Süleýmanow ösüşe goşant goşan faktorlary inflýasiýa basyşynyň azalmağy, ýokary maýa goýumyň dowam etmegi we esasy pudaklardaky oňyn işjeňlik hökmünde beýan etdi.

Ýylyň başynda inflýasiýanyň 2,7 göterime dendiğine ünsi çeken Süleýmanow, ýyllyk inflýasiýanyň 5,9 göterime barabardygyny aýtdy.

Ministr Süleýmanow 1-nji awgustda Gazagystanyň halkara ätiýaçlarynyň 87,7 milliard dollara ýetendigini ýatlatdy.

Gazagystanyň Hasabat Guramasyndan berilen beýanatda bolsa ýanwar-iýul aýlarynyň arasynda senagat önümçiligi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5,1 göterim ýokarlap, 16,5 milliard teňňä ýetendigi habar berildi.

Beýanatda üstümizdäki ýylyň 6 aýynda nebit önümçiliginiň hem geçen ýylyň degişli döwrüne görä 7,5 göterim ýokarlap, 45 million tonna barabar bolandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar