Türkiýe Özbegistanyň iň uly 4-nji hyzmatdaşy

Türkiýe 2018-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda Özbegistanyň jemi daşary söwdasynda 6,5 göterimlik paý bilen 4-nji iň uly söwda hyzmatdaşy boldy

Türkiýe Özbegistanyň iň uly 4-nji hyzmatdaşy

Özbegistanyň Döwlet hasabat komitetinden berilen beýanata görä ýurdyň daşary söwda kuwwady ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 24,1 göterimlik artyş bilen 17,8 milliard dollar derejesinde boldy.

Şol döwürde eksport 15,7 göterimlik artyş bilen, 7,6 milliard dollar, import bolsa 31,4 göterimlik artyş bilen 10,2 milliard dollara barabar boldy.

Bu döwürde Özbegistanyň daşary söwda ýetmezçiligi 2,5 milliard dollara ýetdi.

Beýanata görä ýanwar-iýul aýlary aralygynda Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 3 milliard 335,8 million dollarlyk daşary söwda we 18,8 göterimlik paý bilen Hytaý ilkinji oruna eýe boldy.  

Özbegistanyň ozal iň uly söwda hyzmatdaşy bolan Russiýa bolsa 3 milliard 230,1 million dollarlyk daşary söwda we 18,2 göterimlik paý bilen 2-nji oruna geçdi.

Bu döwürde Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 1 milliard 705,2 million dollarlyk daşary söwda we 9,6 göterimlik paý bilen Gazagystan 3-nji oruna, 1 milliard 161,7 million dollarlyk daşary söwda we 6,5 göterimlik paý bilen Türkiýe 4-nji oruna, 906,7 million dolalrlyk daşary söwda we 5,1 göterimlik paý bilen bolsa Günorta Koreýa 5-nji oruna geçdi.



Degişli Habarlar