Özbegistan ýedi aýynda işe başlan daşary ýurt maýaly firmalaryn sany müňden geçdi

Türkiýe 147 firma bilen birinji orny eýeleýär

Özbegistan ýedi aýynda işe başlan daşary ýurt maýaly firmalaryn sany müňden geçdi

Özbegistan 2018-nji ýylyň ýedi aýynda işe başlan daşary ýurt maýaly firmalaryn sany müňden geçdi.

Özbegistanyň Hasabat guramasynyň berýäň maglumatyna görä geçen ýylyň degişli döwrüne görä açylan firmalaryn sany 22 göterimden gowrak artdy.

Maýa goýumlarynda senagat pudagynda iş alyp barýan firmalar birinji, söwda kärhanalary ikinji orny eýeleýär.

Şolardan soň gurluşyk, saglygy goraýyş we azyk pudaklary gelýär.

Özbegistanda jemi 6,468 daşary ýurtly maýaly firma iş alyp barýar.

Şolaryň düzüminde Türkiýe 147 firma bilen birinji orny eýeleýär.

Türkiýeden soň 144 firma bilen Russiýa we 137 firma bilen Gazagystan gelýär.

Günorta Koreýanyň bolsa Özbegistanda iş alyp barýan firmalarynyň sany 78

2018-nji ýylda Germaniýa, Hindistan, Ukraina we Azerbaýjan hem Özbegistana maýa goýmaga ünsli çemeleşmäge başlady.
 

 



Degişli Habarlar