TIKA-nyň 2018-nji ýyldaky Tejribe alyşygy baradaky maksatnamasy Özbegistanda dowam edýär

Türkiýeden ýola düşen meýletin talyplar taryhy Samarkand şäherine bardy

1031253
TIKA-nyň 2018-nji ýyldaky Tejribe alyşygy baradaky maksatnamasy Özbegistanda dowam edýär

Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligi TIKA-nyň 2018-nji ýyldaky Tejribe alyşygy baradaky maksatnamasy Özbegistanda dowam edýär.

Türkiýeden ýola düşen meýletin talyplar taryhy Samarkand şäherinde dürli çarelere gatnaşdylar.

Taryhy Samarkand şäherinde ýüpek kagyzynyň önümçiligi bilen ýerinde tanyş bolan talyplara Orta asyrlarda ulanylan kagyz önümçilik usullary görkezildi.

Ussahanadaky işler barada maglumat alan meýletin talyplar maksatnamanyň çäginde taryhy usullar bilen kagyz öndürmage gatnaşdylar.

Talyplar tut agajynyň gabygyndan öndürilen we çydamlylygy 2 müň ýyl dowam eden Samarkand kagyzyna uly gyzyklanma görkezdiler.

Meýletin talyplar şeýle-de Samarkanddaky Mirsa Ulugbekiň owserwatoriýasyna we Ymam Maturidiniň türbedine baryp gördüler.

2018 Tebribe alyşyk maksatnamasy TIKA-nyň utgaşdyrmagynda, TRT-niň, Türk Howaýollarynyň we “Anadoly” habarlar gullugynyň hyzmatdaşlak etmeginde guralýar.

Maksatnama gatnaşýan talyplar 8-nji sentýabra çenli 30 ýurda giderler.

500-e golaý talyp, şol ýurtlarda 100-e golaý taslama we çärä gatnaşar.


Etiketkalar: #TIKA , #Özbegistan , #talyp , #kagyz

Degişli Habarlar