Energiýa serişdelerine baý bolan Hazar deňiziň hukuk derejesi boýunça meseleler çözüldi

22 ýyl aradan soň gol çekişilen konwensiýa bilen Hazar denizine kenardaş bolan 5 ýurt deňiziň üstünden bilelikde peýdalanar

Energiýa serişdelerine baý bolan Hazar deňiziň hukuk derejesi boýunça meseleler çözüldi

Energiýa serişdelerine baý bolan Hazar deňiziň hukuk derejesi boýunça meseleler çözüldi

Gazagystan, Azerbaýjan, Eýran, Russiýa we Türkmenistan uzak ýyllardan bäri dowam edip gelen Hazar deňiziniň hukuk derejesi barada konwensiýa gol goýdy.

22 ýyl aradan soň gol çekişilen konwensiýa bilen Hazar denizine kenardaş bolan 5 ýurt deňiziň üstünden bilelikde peýdalanar.

Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen dabara Hazar denizine kenardaş bolan Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň liderleri gatnaşdylar.

Uzak ýyllardan bäri dowam edip gelen gepleşikler netijesini berdi.

Konwensiýa bilen 15 deňiz mili aralyga çenli bolan giňişlikler her bir ýurduň öz ýeri hökmünde kabul ediler.

Deňiziň ýokary gatlagy bilelikde ulanylar.

Düýbi we magdan känleri goňşy ýurtlaryň arasynda bölüşiler.

Kenardaş bäş ýurtdan daşgary harby güýçler bolsa Hazar deňizde ornaşdyrylmaz.

Hazarda 50 milliard barrel nebit we 9 trillion m3 tebigy gaz ätiýajynyň bardygy çaklanylýar.

Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň sebitdäki energiýa känleriniň dolanşygyna, üstaşyr mümkinçilikleriniň ulanylmagyna başlanar.

 



Degişli Habarlar