"Azerbaýjan Türkiýäniň ykdysadyýetine uly ynam bildirýär"

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik gatnaşyklar gün saýyn ösýär

"Azerbaýjan Türkiýäniň ykdysadyýetine uly ynam bildirýär"

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Azerbaýjanyň özara gatnaşyklaryň ösmegine, iki taraply maýa goýumlara, sebitara we halkara derejesinde esasy rol oýnaýan energetika we transport taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga dowam etjekdigi ýatladyldy.

Beýanatda “Ýurdumyz Türkiýäniň ykdysadyýetine maýa goýmaga dowam eder. Türkiýäniň soňky ýyllarda durmuşa geçiren uly taslamalary gysga wagtda Türkiýäniň we sebitiň ykdysadyýetine we howpsyzlygyna uly goşant goşar. Azerbaýjan Türkiýäniň ykdysadyýetine uly ynam bildirýär. Azerbaýjan hemişe bolşy ýaly ähli ugurda türk halkyna we döwletine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar