Täjigistanyň Prezidenti Rahman resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

Azerbaýjan bilen Täjigistanyň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişildi

Täjigistanyň Prezidenti Rahman resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

 

Resmi sapar bilen Azerbaýjana baran Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahman kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew myhman kärdeşini resmi dabara bilen garşylady.

Resmi garşylama dabarasyndan soň Aliýew bilen Rahman özara we toparara gepleşiklere gatnaşdy.

Gepleşiklerden soň Aliýew bilen Rahmanyň gatnaşmagynda Azerbaýjan bilen Täjigistanyň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişildi.

Soň bolsa iki ýurduň arasynda maýa goýum, telewideniýe, serhetleriň howpsyzlygy, bilim, talyp çalşygy, senagat we täze tehnalogiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegi üçin şertnama baglaşyldy.

Gol çekişlik dabarasyndan soň iki lide metbugaat beýanat berdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, şu gün baglaşylan şertnamalar bilen iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artjakdygyny, birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edilmegi üçin amatly pursadyň dörejekdigini aýtdy.

Täjik kärdeşine Azerbaýjan geçýän täze tranzit ýollar barada maglumat berendigini aýdan Aliýew, “Baku-Tiblisi-Kars demir ýoly we Alat porty ýük gatnawy üçin täze mümkinçilikler döretdi. Täjigistanyň ýükleriniň hem artmagyny umyt edýäris we gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyny isleýäris” diýdi.

Gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin pursatlardan ýerlikli peýdalanylmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Täjigistanyň Prezidenti Rahman, “Söwda mukdarynyň artdyrylmagy barada pikir alyşdyk. Baglaşylan şertnamalar, senagat, energetika, transport we ekerançylyk ýaly beýleki ugurlarda edilýän gatnaşyklaryň ösmegine itergi berer” diýdi.

Daglyk Garabag meselesi barada hem durup geçen Rahman, meseläniň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine goldaw berýändiklerini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar