Türkiýe terrora garşy göreşde gazanan tejribesini Özbegistan bilen paýlaşýar

Türkiýäniň Žandarma serkerdeliginiň hünärmenleri Özbegistanyň Milli gwardiýasyna terrora garşy göreş babatynda tälim bermäge başlady

Türkiýe terrora garşy göreşde gazanan tejribesini Özbegistan bilen paýlaşýar

Žandarma serkerdeligi bilen Milli gwardiýa tarapyndan TIKA-nyň goldaw bermeginde Özbegistanyň Jizzak şäheriniň golaýyndaky Faryş harby poligonynda başlan tälim üçin açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarada çykyş eden Milli Gwardiýanyň resmisi Şuhrat Ganiýew soňky wagtlarda iki ýurdyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň barha özgerýändigini belläp, şol çäkde Türkiýä bilen Özbegistanyň arasyndaky harby gatnaşyklaryň hem ösýändigini habar berdi.

Ganiýew häzirki tälimiň bu hyzmatdaşlygyň aýdyň bir subutnamasydygyny nygtap, bu tälimiň ýurdyň goranyş we harby mümükinçiliklerini has hem ösmegine we ikitaraplaýyn tejribe alyş-çalyşygyna oňyn goşant goşjakdygyny beýan etdi.

Türkiýeden 6 hünärmeniň gatnaşmagynda geçirilýän tälim 17-nji awgustda tamamlanar.


Etiketkalar: tejribe , Özbegistan , Žandarma

Degişli Habarlar