Özbegistan maýa goýum üçin ýeňillik döretdi

Özbegistanyň hökümeti ýurtda maýa goýjak ýa-da kärhanalaryň paýlaryny satyn aljak daşary ýurtlylara käbir maýa goýum we wiza ýeňilligini döretdi

Özbegistan maýa goýum üçin ýeňillik döretdi

Prezident Şewket Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen “Ýurtda maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky” karara görä 200 müň dollar maýa goýjak ýa-da kärhanalaryň paýlaryny satyn aljak daşary ýurtlylara 3 möhletli Özbegistan wizasynyň möhletini çäksiz uzaltmaga hukuk berilýär.

Karar bilen daşary ýurtly maýadarlaryň şärikliginde açyljak kärhanalardaky daşary ýurtlylaryň paýynyň azyndan 30 göterimlik mejburlygy bolsa 15 göterime düşürildi.

Daşary ýurt maýaly kärhanalarda daşary ýurtly hakyky şahslaryň şärikliklerini çäklendirýän we diňe daşary ýurt kanuny şahyslaryň gatnaşyp bilýändigi baradaky talap hem bes edildi.

Kararda daşary ýurt maýaly hukuk derejesi bilen açyljak kärhanalaryň düzgünnamadaky gorunyň azyndan 76 müň dollar bolan mejburlygy hem 50 müň dollara çenli aşakladyldy.

Kararda ýurduň ileri tutulan pudaklaryna uly mukdarda maýa goýjak adaşary ýurtlylara “hormatly raýatlyk” derejesiniň berilmäge başlangy üçin İçeri işler ministrliginiň teklip taýarlamagy islenýär.



Degişli Habarlar