GAZAGYSTANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

GAZAGYSTANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Žandos Asanow bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň mümkinçilikleriniň giň gerimi barada aýdylanda, taraplar ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Ilçisi iki milletiň taryhynyň, medeniýetiň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi döwletleriň özara gatnaşyklaryň işjeňliginiň esasy bolup durýandygy belledi. Ol şeýle-de ýurdunyň geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny bildirdi.

Oňyn we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini belläp, türkmen tarapy  Ilçiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmekde alyp barýan işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi. (Türkmenistan DIM)



Degişli Habarlar