Özbegistanda C5+1 ýurtlarynyň maslahaty geçirildi

Orta Aziýa-ABŞ (C5+1) Dialog iş toparynyň maslahaty Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirildi

Özbegistanda C5+1 ýurtlarynyň maslahaty geçirildi

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat ofisi tarapyndan berilen beýanata görä Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, öýüň eýesi Özbegistan bilen ABŞ-den gelen hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda sebitleýin we halkara howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk meseleleri, terrora we ekstremizme garşy göreş, serhetleriň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Owganystandaky ýagdaýyň çözülmegi babatynda ediljek hyzmatdaşlygyň jikme-jikligini gözden geçiren resmiler Orta Aziýada durnukly galkynyşyň goňşy Owganystanda parahatçylygyň we jebisligiň üpjün edilmegi bilen gönüden-göni arabaglanşyklydygy bellendi. 

"Orta Aziýa-ABŞ" daşary işler ministrleriniň ilkinji maslahaty 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilipdi. 

 



Degişli Habarlar