Akynjy BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça wagtlaýyn kömekçisini kabul etdi

Iki sagada golaý dowam eden kabul edilşikden soň hiç hili beýanat berilmedi

Akynjy BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça wagtlaýyn kömekçisini kabul etdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Kipr boýunça wagtlaýyn ýörite kömekçisi Holl Lutäni kabul etdi.

Prezident köşgünde bolan kabul edilşige Prezidentiň Diplomatiýa we ÝB boýunça kömekçisi Erhan Erçin hem gatnaşdy.

Iki sagada golaý dowam eden kabul edilşikden soň hiç hili beýanat berilmedi.

Kipr meselesinde gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi maksady bilen ada gelen BMG-nyň wekili Lute, ertiriň irki sagatlarynda hem Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar