Özbegistanda aşa yssy howa sebäpli käbir uçar saparlary goý bolsun edildi

Meteorologiýanyň berýän habaryna görä 23-nji iýula çenli howanyň gyzgynlygy ozalky ýyllara garanyňda 5-7 dereje artar

Özbegistanda aşa yssy howa sebäpli käbir uçar saparlary goý bolsun edildi

Özbegistanda aşa gyzgyn howa sebäpli ýurdyň günortasyndaky Horezm welaýatynyň Ürgenç howa menzilindäki uçar gatnawlary wagtlaýyn bes edildi. 

Özbegistanyň Howa ýollary edarasy tarapyndan berilen beýanatda Ürgenç howa menziline ýerine ýetiriljek uçar saparlarynyň Nukus we Buhara howa menzillerine gönükdirilendigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Özbegistanyň Demir ýollary tarapyndan berilen beýanatda 25-nji iýula çenli Daşkent-Ürgenç we beýleki otly gatnawlarynyň sanynyň artdyrylandygy habar berildi. 

Meteorologiýanyň berýän habaryna görä 23-nji iýula çenli howanyň gyzgynlygynyň ozalky ýyllara garanyňda 5-7 dereje artjakdygy we 45 derejä çenli baryp ýetjekdigi beýan edildi. 

 



Degişli Habarlar