DKTR-de bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 19 adam ýogaldy

kktc tekne.jpg

DKTR-nyň suw giňişliginde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 19 adam ýogaldy. 

Gaýyk Karpaz diýilen ýeriň golaýynda, DKTR-niň 16 mil alysynda batdy. 

DKTR-niň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy şu gün günortan 3 adamyň jesedini tapdy. 

Şol sebäpli Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy bilen aragatnaşyga geçildi we gözleg işleri ýaýbaňlandyryldy. 

Türkiýäniň Mersin aýlagynyň garşy tarapyndan ýerleşýän sebitde geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de 16 bosgunyň jesedi tapyldy. 

Biri agyr ýaraly bolmak bilen jemi 106 adam halas edildi, 25 adam bolsa dereksiz ýitdi. 

Hadysa halkara suw giňişliginde bolandygy sebäpli bosgunlar Mersine alynyp gidildi. 

 


Etiketkalar: batmak , gaýyk , bosgun , DKTR

Degişli Habarlar