“IV Türk dünýäsi Uniwersitetli ýetginjekleriň tomus okuwy” öz işini tamamlady

Gazagystanyň Türkistan şäherinde Türki dilli Respublikalaryndan gelen 388 talybyň gatnaşmagynda geçirilen “IV Türk dünýäsi Uniwersitetli ýetginjekleriň tomus okuwy” öz işini tamamlady

“IV Türk dünýäsi Uniwersitetli ýetginjekleriň tomus okuwy” öz işini tamamlady

Hoja Ahmet Ýasawy Halkara Türk-Gazak uniwersitetiniň öňbaşçylyk etmeginde 18-nji iýun-15-nji iýul aralygynda geçirilen çärä Türkiýeden 50 tapawutly uniwersitetden 208 talyp bilen birlikde Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Özbegistan ýaly ýurtlardan gelen 180 talyp bolmak bilen jemi 388 talyp gatnaşdy.  

Bir aý dowam eden çärä Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistandan baran talyplar türk dilini öwrendiler.

Türkiýeden baran okuwçylar bolsa gazak we rus dillerini öwrendiler. Türk talyplar Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistanyň şäherlerine gezelenç etdiler.

Talyplar tomus okuwynyň çäginde aýdym-saz, sport, seminar, konferensiýa we beýleki medeni çärelere gatnaşdylar.

Türk dünýäsi Uniwersitetli ýetginjekleriň tomus okuwy Hoja Ahmet Ýasawy Halkara Türk-Gazak uniwersitetinde 2015-nji ýyldan bäri dowamly häsýetde her ýyl geçirilýär.



Degişli Habarlar