Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 1 ermeni esgerini ýesir aldy

Çaknyşykda uly ýitgi çeken ermeni güýçleriniň yza çekilendigi nygtaldy

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 1 ermeni esgerini ýesir aldy

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri serhetýakasynda bolan çaknyşykda 1 ermeni esgerini ýesir aldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, ertiriň irki sagatlarynda serhetýakasyndaky Qazah etrapçasynda Azerbaýjanyň territoriasyna geçmäge synanşan ermeni esgerleri bilen azerbaýjanly esgerleriň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda uly ýitgi çeken ermeni güýçleriniň yza çekilendigi nygtaldy

Karen Kazarýan atly ermeni esgeriniň bolsa ýesir alynandygy bellenildi

Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden ölen-ýiteniň bolmandygy ýatladyldy.

 

 

 


Etiketkalar: Ermenistan , Azerbaýjan , ýesir

Degişli Habarlar