Özbegistan şu ýyl halkara finans guramalary bilen 1,5 milliard dollarlyk karz şertnamasyny baglaşdy

Özbegistandaky daşary ýurtly maýa goýumlary artandy

Özbegistan şu ýyl halkara finans guramalary bilen 1,5 milliard dollarlyk karz şertnamasyny baglaşdy

 

Özbegistanyň Wise-premýeri we Maýa goýumlar döwlet komitetiniň başlygy Suhrab Halmuradow Daşkentde metbugata beren beýanatynda soňky döwürde daşary ýurtly maýadalaryň Özbegistanda maýa goýmaklary üçin uly ýeňillikleriň döredilendigini nygtady.

Ýurtdaky maýa goýum şertiniň amatly ýagdaýa getirlendigini aýdan Halmuradow, şeýlelikde ýurtdaky daşary ýurtly maýa goýumlarynyň artandygyny ýatlatdy.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde daşary ýurt maýaly 960 kärhananyň açylandygyny aýdan Halmurarow “Özbegistan üstümizdäki ýylyň başyndan bäri halkara finans furamalary bilen 1,5 milliard dollarlyk karz şertnamasyny baglaşdy” diýdi.

Halmuradow Türkiýeli, Russiýaly, Hytaýly, Gazagystanly we Günorta Koreýaly işewürleriň Özbegistanda uly işleri durmuşa geçirýändigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar