Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri özara duşuşyk geçirdiler

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Mammedýarow ermeni kärdeşi Zohrab Mnatsakanýan bilen NATO maslahatyna gatnaşmak üçin baran Brýusselde duşuşdylar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri özara duşuşyk geçirdiler

Ermenistanda halk hereketi bilen emele getirilen hökümet agdarlyşygynyň we täze hökümetiň döredilmeginden soň geçirilen bu ilkinji duşuşykda Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (AGIT) Minsk toparynyň egindeş başlyklary Igor Popow, Stefan Wiskonti, Andrew Şoffer we Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Döwürleýin başlygynyň ýörite wekili Andžeý Kasprşik gatnaşdy. 

AGIT Minsk toparynyň egindeş başlyklaryna sag bolsun aýdan Ermenistanyň Daşary işler ministri hemaýat bermeklerinde gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň gerekdigini belledi. 

Duşuşyk tanyşlyk we pikir alyşmak arkaly geçdi. 

Gepleşikler etabyndan başga bir ýoluň bolmandygyny aýdan taraplar şol çäkde parahatçylygyň höweslendirilmegi üçin atmosferanyň emele getirilmegi, ikitaraplaýyn ynamyň güýçlendirilmegi, dartgynlyklaryň azaldylmagy üçin ädimleriň edilmegi, durnuklylygy bozjak we dartgynlygy artdyrjak sözlerden uzak durulmagy barada ylalaşdylar. 

Taraplar Daglyk Karabag meselesiniň çözülmeginiň üstünde hem durup geçdiler. 

 


Etiketkalar: Ermenistan , Azerbaýjan

Degişli Habarlar