Prezident Erdogan paýtagt Bakuda kärdeşi Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Prezident Erdogan Bakudaky Türk şehitligine baryp şehitleriň gubyryna ýeke-ýekeden gül goýdy

Prezident Erdogan paýtagt Bakuda kärdeşi Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy
Prezident Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana guraýar
Prezident Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana guraýar

Prezident Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana guraýar.

Prezident R. T. Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana guraýar.

Erdogan şu gin irden resmi sapar bilen Azerbaýjana gitdi.

Prezident Erdogany Ankaranyň Esenboga howa menzilinde Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň wagtalýyn başlygy Durmuş Ýylmaz bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar ugratdy.

Prezident Erdogan paýtagt Bakudaky Zagulba köşgünde kärdeşi Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Aliýew garşylama dabarasyndan soň iki çäk duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdogan iki çäk duşuşykdan öň Azerbaýjanyň merhum Prezidenti Haýdar Aliýewiň gubyryna, Türk we Azerbaýjan şehitliklerine bardy.

Prezdident Erdogan Haýdar Aliýewiň bilen birlikde Aliýewiň aýaly Zarife Aliýewanyň gubyryna gül desselerini goýdy.

Prezident Erdogan 20-njy ýanwar şehitleriniň hormatyna dikeldilen Baku Şehitler ýadigärline hem gül desselerini goýdy.

Bakudaky Türk şehitligine hem baran Prezident Erdogan şehitleriň gubyryna ýeke-ýekeden gül goýdy.

Erdogan şehitligiň ýatlama depderine bolsa “Eziz şehitlerimiz 24-nji iýunda geçirlen taryhy saýlawdan soň Prezident Respublikasy dolanşygynyň ilkinji Prezidenti hökmünde siziň ruhy huzuryňyza gelendigim üçin özümi bagtly hasap edýärin. Siziň pidäkärligiňizdan alan ruhy goldawymyz bilen şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan beýläk hem Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň ähli taraplaýyn pugtalanmagy baradaky tagallalarymyzy dowam etdireris. Ruhlaryňyz şad bolsun” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan Azerbaýjandan soň resmi sapar bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna barar.



Degişli Habarlar