Mirziýoýew ýurdy bilen Täjigistanyň arasynda jedelleşikli etrapçalar baradaky şertnamany tassyklady

Şertnama 192,7 kilometrlik meýdany öz içine alýar

Mirziýoýew ýurdy bilen Täjigistanyň arasynda jedelleşikli etrapçalar baradaky şertnamany tassyklady

 

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew ýurdy bilen Täjigistanyň arasyndaky jedelleşikli käbir etrapçalar meselesinde ylalaşyk gazanylmagy baradaky şertnamany tassyklady.

Mesele barada berlen beýanata göra, Mirziýoýew Özbegistan-Täjigistan serhediniň taraplaryň arasynda ylalaşyga gelinen käbir etrapçalar meselesinde gazanylan şertnamany tassyklady we şertnama Halk Sözü atly resmi gazetde çap edildi.

Şertnama soňky gepleşiklerde ylalaşyga gelinen 192,7 kilometrlik meýdany öz içine alýar.

Iki ýurduň arasynda henizem jedelleşikli bolan serhetýakasyndaky käbir etrapçalaryň serhediniň kesgitlenilmegi baradaky gepleşikler bolsa dowam edýär.

 



Degişli Habarlar