Özbegistandan 101 ýurduň raýatyna 5 günlük wiza ýeňilligi

15-nji iýuldan başlap Özbegistandaky howa menzillerinden üçünji ýurda gitjek 101 ýurduň raýatyna 5 gün Özbegistanda wizasyz galmak hukugy berildi

Özbegistandan 101 ýurduň raýatyna 5 günlük wiza ýeňilligi

 

Özbegistanda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi maksady bilen 101 ýurduň raýatyna 5 günlük wiza ýeňilligi döredildi

Prezident Şewket Mirziýoýew “Daşary ýurtlylaryň Özbegistana gelmekleri baradaky işleriň ýeňilleşdirilmegi baradaky” karara gol goýdy.

Kararnama görä, 15-nji iýuldan başlap Özbegistandaky howa menzillerinden üçünji ýurda gitjek 101 ýurduň raýatyna 5 gün Özbegistanda wizasyz galmak hukugy berildi.

Özbegistan mart aýynda hem Türkiýe bilen birlikde 7 ýurduň raýatyna 30 günlük wizasyz syýahat, 39 ýurduň raýatyna hem wiza ýeňilligini döredipdi.

Şeýlelikde Özbegistanda wizasyz syýahat etjek ýurtlaryň sany 16-a, wiza ýeňilligi döredilen ýurtlaryň sany hem 51-e ýetdi.

Özbegistanda soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi barada kabul edilen kararlardan soň üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe ýurda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93 göterim artyp 2,2 milliona ýetdi.

 



Degişli Habarlar